Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Žyrgalbek Sagynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçiligi bilen birlikde derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle hem haryt dolanşygynyň göwrümini artdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň netijeli ähmiýetine üns bermek bilen, iki ýurduň wekilleri döwletleriň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Meňzeş täzelikler

2014