Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresine taýýarlygy maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde 21 — 22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Wise-premýer M.Meredowyň öz hasabatynda belleýşi ýaly, forumyň gün tertibine dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ösüş ugurlary, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýeti, tebigy gazyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek, gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin ýurdumyzda döredilen şertler, şeýle hem maýa goýum işjeňligi ýaly möhüm meseleler giriziler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berler.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäde tebigy gazyň iri gorlaryna eýe ýurtlaryň biridigini belläp, onuň birnäçe ugurlary boýunça işjeň energetika syýasatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Köp şahaly gaz geçiriji düzümi döretmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir sebit üçin ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energiýa howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi, şeýle hem TOPH taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Taslamanyň amala aşyrylmagy ykdysady, durmuş we ynsanperwer ulgam boýunça birnäçe meseleleriň oňyn çözgüdini şertlendirer.

Gazy gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilik düzümlerini döretmek boýunça bellenilen meýilnamalar özara peýdaly halkara hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Meňzeş täzelikler

2014