Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşar

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebit meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geljek wekiliýete ýolbaşçylyk eder. Bu barada ORIENT habarlar agentligi Eýranyň HBS-lerine salgylanyp habar berýär. Türkmenistandan Eýrana gaz ibermekligi dikeltmek — mümkin bolan temalaryň hatarynda durýar.

Eýran metbugatynyň berýän habarlaryna görä, resmi saparyň dowamynda Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda, ulag, energetika, gümrük, şeýle hem sebit we ählumumy meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.

Eýran wekiliýetiniň Türkmenistana sapary ABŞ-nyň Eýran Yslam Respublikasyna syýasy hem-de ykdysady çäklendirme salmaklygynyň çäklerinde bolup geçýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014