Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy ulag, ýangyç-energetika toplumynda we Hazarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.

Myhman Türkmen Liderine öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna özüniň iň oňat arzuwlaryny aýdyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen döwletara gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutany dürli pudaklarda köpýyllyk gatnaşyklaryň tejribesine esaslanýan oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident we myhman geçen ýyllarda döredilen uly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň anyk guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň eýeleýän orny nygtaldy.

Esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly häzirkizaman ulag düzümini kemala getirmek boýunça möhüm halkara başlangyçlaryny göz öňünde tutup, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle işler üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirmäge taýýarlanylýan taslamalardan ybaratdyr, şolaryň hatarynda bu gün üstünlikli hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, şeýle hem Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara geçelgesini döretmek taslamasy bar. Bu halkara ulag geçelgeleri Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir, munuň özi, umuman, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýagdaýlarynyň birine öwrüler.

Döwlet Baştutany we myhman ýangyç-energetika toplumy ulgamynda gatnaşyklaryň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda biziň ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de örän uly tebigy serişdeleriniň bolmagy bilen baglylykda, giň mümkinçilikler bar. Bu ýagdaýlar energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy esaslandyrýar, bu bolsa döwrüň möhüm meselesidir.

Hazarda hyzmatdaşlyk etmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, myhman 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady.

Oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanan, milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşdyrylmagynda ýola goýulýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji awgustda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Onuň gün tertibi gatnaşyjy döwletleriň özara hereketleriniň geljegi uly ugurlarynyň esasyny düzýän meseleleriň giň toplumyny gurşap alar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak, şol sanda iri halkara taslamalary işläp düzýän hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmek ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.

Meňzeş täzelikler

2014