Türkmenistan we Eýran özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýykgyn edýär — DIM

13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özara bähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň üstünde durup geçdiler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi, energetika, ulag we söwda ýaly ulgamlarda özara hereket etmek bilen bagly bolan meselelere aýratyn seredildi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda eýran kompaniýalarynyň we işewürler toparlarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän köpugurly taslamalara çekmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi, olaryň barşynda meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014