Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek GDA-nyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir — Sergeý Lebedew

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Myhman şeýle hem Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Arkalaşygyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlisleriň geçirilmegine görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar, has takygy 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen bagly bolan guramaçylyk meselelerine seredilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, Sergeý Lebedew şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Meňzeş täzelikler

2014