Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 2019-njy ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda geçirilen duşuşykda Arkalaşygyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Myhman GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen XIV forumyny hem-de 15-16-njy maýda geçiriljek GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Şunda Türkmenistanyň deňhukukly gatnaşyklary berkitmäge önjeýli goşant goşmak arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meselelerine oňyn çemeleşmelerini üýtgewsiz beýan edýändigi bellenildi. Şeýlelikde, şu ýylda ýurdumyzyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde birnäçe çäreler, şol sanda Ykdysady geňeşiň mejlisi we GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşi, Ykdysady forum geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerindäki däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň halklaryny baglanyşdyrýan taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

GDA başlyklyk etmek wezipesiniň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurdumyz dürli ugurlardaky döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini esasy ugur edinýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belledi we onuň işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda öňde boljak forumyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu forumyň baş maksadynyň netijeli gatnaşyklar we tejribe alyşmak, döredijilik hem-de ylmy gatnaşyklary höweslendirmek we ony mazmun taýdan baýlaşdyrmak, özara gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryny taýýarlamak hem-de bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döretmekden ybaratdygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman Arkalaşygyň çäklerinde möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary babatda hem pikir alyşdylar. Häzirki ýagdaýy we täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly ykdysady kuwwatyň bardygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda boljak mejlisine, beýleki möhüm duşuşyklara we milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýän Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk meselelerine deglip geçildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014