Ýerewanda Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýerewan döwlet uniwersitetinde (ÝDU) «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde gurnalan maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ermenistan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň ýolbaşçylary, Daşary işler, ykdysady ösüş we maýa goýum, maliýe ministrlikleriniň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanly talyplar, şeýle hem ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibinde gatnaşyjy döwletleriň özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny jemleýän meseleleriň giň toplumynyň beýan edilendigi bellenildi. Pikir alyşmak we netijeli maslahatlaşmak üçin söwda-ykdysady gatnaşyklaryň intensifikasiýalaşdyrylmagy, şol sanda iri möçberli halkara taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmek ýaly aktual temalar hödürleniler.

— Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ulagda we aragatnaşykda ugurdaşlygy tapmak örän möhümdir. Ermenistan we Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynda ýokary tehnologiýalar ulgamynda biziň özüne çekiji meýilnamalarymyz bar. Şeýle hem  biz Türkmenistan Ermenistan üçin Aziýa ýurtlary bilen üstaşyr ulag merkezi bolup biler diýip hasaplaýarys – diýip, forumyň barşynda Ermenistanyň ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministriniň orunbasary Armen Arzumýan belledi, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär.

Forumyň çäklerinde  şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň innowasion tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Ol ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag we logistika, senagat, söwda, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda işewür gatnaşyklary ýola goýmakda we täze tehnologiýalar, hyzmatlar we çözgütler bilen tanyşmakda merkeze öwrüler.

Meňzeş täzelikler

2014