Astrahanda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Ýakynda Russiýanyň Astrahan şäherindäki Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygy Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap brifing geçirdiler, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

  Brifinge Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, ulag we tebigy serişdeler ministrlikleriniň, söwda-ykdysady edarasynyň, kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek baradaky gaznasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we işewürler, şeýle hem media wekilleri gatnaşdylar.

Konsullygyň wekilleri öz çykyşlarynda geçiriljek forumyň konsepsiýasy bilen tanyşdyrdylar, Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty hakyndaky wideo şekilleri görkezdiler we foruma gatnaşmaga isleg bildirenler üçin özlerini onlaýn resmileşdirmäge mümkinçilik berýän forumyň öz internet-saýty barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar deňzinde we ýanaşyk sebitlerde halkara işewür hyzmatdaşlygyna mundan beýläk hem batly itergi bermäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, ulag-logistikasynyň, innowasion we rekreasion-syýahatçylyk mümkinçiliklerine düýpli ähmiýet berildi.

Öz gezeginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň hem-de Eýranyň diplomatlary we söwda wekilleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler we Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy has hem berkitmek üçin öz ýurtlarynyň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Meňzeş täzelikler

2014