GDA döwletleriniň alymlary täze Beýik Ýüpek bolunyň ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

15-nji maýda Aşgabatda öz işine başlan GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde geçirilen panel diskussiýasyna gatnaşyjylar täze Beýik Ýüpek bolunyň ösüş mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar, diýip ORIENT habar berýär.

— Häzirki wagtda hut täze Beýik Ýüpek ýoly hakynda gürrüň etmeli. Çünki ol Aziýanyň möhüm orun eýelejek mümkin bolan täze dünýä tertibiniň nusgasy bolup durýar – diýip, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Filosofiýa institutynyň direktory Ilham Ramizogly Mammedzade belledi.

Täze Beýik Ýüpek ýoly bitewi ykdysady hem-de ulag ulgamy bilen birikdirilen Aziýa ýurtlaryny öz içine alýar. Eýýäm şu günlerden bu babatda düýpli üstünlikler gazanyldy.

Bu ýoluň şahalarynyň biriniň ugry boýunça demir ýollar çekildi: Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan, «Lazurit» halkara ulag geçelgesi (Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe) ulanyşa girizildi, beýleki logistika taslamalary işlenip düzülýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, köp sanly gadymy ugurlar boýunça ýene-de häzirki zaman söwda «kerwenleri» gatnar.

— Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi ulag ýollarynyň ugry boýunça infrastrukturalaryň ösdürilmegini hem göz öňünde tutýar. Hytaýdan Germaniýa çenli kerwen ýollary geçende olar kesgitli medeni gurşawy emele getiren senagat kärhanalary ýa-da ilatly ýerler görnüşinde ýol ugrundaky infrastruktura bilen ösdürilipdir – diýip, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy Mihail Şwydkoý belledi.

Türkmenistan tarapyndan başy başlanan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň taslamasy diňe bir Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ulag geçelgesini däl, eýsem, Ýewraziýanyň, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýanyň tutuş söwda-ykdysady nusgasyny özgertmegi göz öňünde tutýar.

Ägirt uly taslama öz içine köp sanly ownuk taslamalary alýar. Degişlilikde, üstaşyr hyzmatlarynyň ösdürilmegi ykdysadyýetiň we sosial ugurlaryň ähli pudaklarynyň ösmegine getirer.

Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän Arkalaşygyň döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Forumyna Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýa Federasiýasyndan 200-den gowrak wekil gatnaşýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014