ÝB Owganystanda parahatçylyk ýola goýmaklygy öz içine alýan Merkezi Aziýa üçin strategiýany kabul etdi

Ýewropa komissiýasy we ÝB-niň daşary işler boýunça ýokary wekili Federika Mogerini çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň strategiýasy hakynda resminama kabul etdi.

«Esasy üns iki ugurda jemlener: durnuklylygy güýçlendirmek üçin — Merkezi Aziýa döwletleriniň içerki we daşarky tolgunmalara durnuklylygy we özgertmeleri kabul edip bilmekleri üçin hyzmatdaşlyk, şeýle hem ykdysady döwrebaplygy we ýaşlara gönükdirilen maýalary goldamak bilen ösüş üçin hyzmatdaşlyk» — diýip, Ýewrokomissiýanyň resmi wekili Margaritis Shinas Brýusselde brifingde belledi, diýip Interfaks habar berýär.

Ol kabul edilen resminamanyň 2007-nji ýylda tassyklanan öňki nusganyň täzelenmeginiň tertibinde taýýarlanandygyny nygtady.

Brýusselde bellemeklerine görä, täze resminamada «Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen has berk hyzmatdaşlygyň täze nusgasy» beýan edilipdir.

«Durnuklylyk we gülläp ösüş biziň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygymyzyň, deňagramly ösüş we raýatlarymyzyň bähbidine özgertmeler prosesleri goldamagymyzyň esasy bolar» — diýlip, täze resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli Ýewrokomissiýanyň bilelikdäki maglumatynda getirilýär.

ÝB-niň täzelenen strategiýasy şeýle hem «Owganystandaky parahatçylyk ýagdaýyna ýardam etmek maksatlary bilen Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi» teklip edýär.

ÝB-de bellemeklerine görä, ÝB we Merkezi Aziýa gepleşiklerine Owganystanyň utgaşdyrylmagy hem-de sebit maksatnamalary, şeýle hem owgan we Merkezi Aziýa hyzmatdaşlary bilen sebit we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk taslamalary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda galar.

7-nji iýulda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde «ÝB – Merkezi Aziýa» 15-nji ministrler duşuşygy geçiriler, diýlip Ýewrokomissiýanyň bilelikdäki maglumatynda bellenilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda bu ýurduň durnuklylygyny berkitmeklige we ykdysadyýetini dikeltmekligine gönükdirilen birnäçe sebit taslamalarynyň başyny başlady. Iň iri taslama — Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan magistral gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurtda 12 müň iş orunlaryny döreder, owgan senagatynyň dikeldilmegi we ösdürilmegi üçin zerur bolan tebigy gaz iberer, türkmen «mawy ýangyjyny» üstaşyr geçirýändigi üçin ýurduň gaznasyna 1 mlrd dollar getirer.

Owganystan şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki-süýümli geçirijileriň gurluşygyndan hem peýda alar. Mundan başga-da, Türkmenistandan Owganystana çenli gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän täze demir ýollar owgan harytlarynyň daşarky bazarlaryna çykmagy üçin ýol açýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Owganystanyň ykdysadyýetde iri möçberli halkara we sebit taslamalaryna çekilmegi — bu ýurtda parahatçylygy we birligi gazanmagyň möhüm şertidir. Türkmenistan bu ugra ygrarly bolmak bilen soňky ýyllarda Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda köp sanly möhüm taslamalary öňe sürdi.

Meňzeş täzelikler

2014