«Gazprom eksport» we «Türkmengaz» DK arbitražyň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi

«Gazprom eksport» AGPJ we «Türkmengaz» DK 2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda arbitraž çözlüşmeleriň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi we degişli habarnamany arbitraž tribunala iberdi. Bu barada «Gazpromyň» saýtynda ýerleşdirilen çärýeklik hasabatda beýan edilýär.

Ýatlap geçsek, 2009-njy ýyla çenli «Gazprom» türkmen gazynyň iň iri satyn alyjysydy. Ol ýylda 40 milliard kub metr gaz import edýärdi. Şu döwürde «Gazproma» gazy GDA we Ýewropa ýurtlaryna satyp, düýpli peýda görmek bilen, gymmat bolmadyk türkmen gazyny satyn almak bähbitlidi.

2009-njy ýyldan başlap, «Türkmengaz» «mawy ýangyjy» dünýä bazarlarynyň nyrhyndan satyp başlady. Şundan soňra, «Gazprom eksport» türkmen gazynyň satyn alynýan möçberini düýpli azaltdy. Bu bolsa, türkmen hünärmenleriniň pikirine görä, gaz geçirijide awariýanyň ýüze çykmagyna getirdi. Netijede, ibermeler togtadylyp, 2010-njy ýylyň başynda örän az möçberde gaýtadan dikeldildi. Şertnamalaýyn ylalaşyklara garamazdan, «Gazprom» gazyň möçberini ýylda 10-11 mlrd kub metre çenli azaltdy, 2015-nji ýylda bolsa, bu möçber 4 mlrd kub metre çenli ýetdi.

Arbitraž boýunça çözlüşikler dört ýyl mundan öň başlandy. 2015-nji ýylyň iýunynda «Gazprom eksport» 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli iberilen türkmen gazynyň bahasyna gaýtadan seretmek boýunça arbitraž öňe sürdi.

2016-njy ýylyň başyndan «Gazprom» 2018-nji ýylyň ahyryna çenli «şertnamalaýyn säginme» alyp, türkmen gazyny satyn almagyny togtatdy. Arbitraž prosesiň çäginden daşynda özara bähbitli çözgüdi tapmak maksady bilen «Gazprom eksport» bilen «Türkmengazyň» arasyndaky arbitraž çözlüşikleri hem wagtlaýyn togtadyldy.

Türkmen gazynyň Russiýa Federasiýasyna iberilmegi 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde gaýtadan ýola goýuldy.

Meňzeş täzelikler

2014