«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň 2019-njy ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň — türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän pudaklaýyn döwürleýin neşiriň şu ýylyň başyndan bäri ikinji sany çapdan çykdy.

Neşiriň täze sany «Nebitgaz pudagy: özgertmeleriň ýyl ýazgysy» rubrikasy bilen başlanýar. Onda ýylyň başyndan bäri möhüm saparlar — Bahreýniň Patyşasynyň, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistana saparlary, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gazpromyň» ýolbaşçysy, «ARETI» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleri, türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň netijeleri, türkmen gazynyň Russiýa iberilip başlanmagynyň gaýtadan ýola goýulmagy beýan edilýär.

Aýratyn makala Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine bagyşlanýar. Bu materialda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ykdysady mümkinçiliklerini berkitmeklige gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde geçiriljek forumyň ähmiýetine seredilip geçilýär.

«Sanly ulgama geçilmegi, pudagyň ösmeginiň täze ugry» atly makalanyň awtory uglewodorodlary gözlemek, çykarmak we ibermek boýunça işleriň netijelerini ýokarlandyrmaklyga sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerine garap geçýär.

Mundan başga-da, neşiriň bu sanynda nebitgaz senagatynyň kanunçylyk binýadyny berkitmeklige, «Goturdepe» we «Barsagelmez» känleriniň nebit goruny takyklamaklyga, türkmen kenarýakasynyň uglewodorod serişdeleriniň bar bolan mümkinçiliklerine bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.

Şeýle hem bu sanda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda gürrüň berilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014