Pakistanyň wekiliýeti «TGC — 2019-a» gatnaşar we TOPH boýunça gepleşikleri geçirer

Pakistanyň premýer-ministriniň ýörite kömekçisi Nadim Babaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Wekiliýet 21-nji maýda başlanýan Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşar, «Türkmengaz» döwlet konserninde, «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynda işewür duşuşyklary geçirer, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjy beýleki taraplar bilen bu gaz geçirijiniň gurluşygy biýunça anyk çäreleri maslahatlaşar.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolar. Bu taslama gaz forumynyň çäklerinde geçiriljek tematiki bölümçeleriň birinde ara alnyp maslahatlaşylar.

«TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde inženerçilik gözleg, turba geçirijiniň ugruny öwrenmek, inženerçilik işleri tamamlandy, taslama-tehnologik resminamalara hem-de TOPH-nyň daşky we sosial gurşawa täsiri hakyndaky hasabat taýýar edildi. Gaz geçirijiniň geçjek ugruna ýerleri bölüp bermek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Belläp geçmeli zatlaryň biri, mart aýynda Yslamabat TOPH taslamasynyň Pakistanyň çäklerinde şu ýyl durmuşa geçirilip başlanjakdygyny belledi. Bu karar Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparyndan bir hepde soň kabul edildi. Şol saparyň jemleri boýunça iki ýurduň hökümetiniň arasynda TOPH-ny gurmak boýunça şertnamannyň esasy şertlerini kesgitleýän resminama gol çekildi.

Pakistanyň çäklerinde turba geçiriji Çaman, Multan, Kwetta we Der-Ysmaýyl-Han şäherleriniň töwereginden geçer.

2018-nji ýylyň noýabrynda Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşygynyň dowamynda TOPH taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmekde öz ýurdunyň borçlaryny tassyklady.

TOPH gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 33 mlrd kub metr gaza barabardyr. «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň lideri «Türkmengaz» DK-dyr. Konsorsiuma şeýle hem Owgan gaz korporasiýasy, Pakistanyň «Inter State Gas Systems (Private) Limited» we hindileriň «GAIL» girýär.

TOPH gaz magistraly boýunça «mawy ýangyç» «Galkynyş» ägirt uly gaz käninden pakistan-hindi serhedindäki Fazilka çenli iberiler.

По газовой магистрали ТАПИ «голубое топливо» будет транспортироваться от супергигантского газового месторождения Галкыныш в Туркменистане до населенного пункта Фазилка на пакистано-индийской границе.

 

Meňzeş täzelikler

2014