Türkmen energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagy tutuş sebite oňaýly täsir edýär — Ýelena Panowa

Türkmen energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagy tutuş sebite, aýratyn hem Günorta Aziýa oňaýly täsir edýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa «Awazada» öz işine başlan X Halkara gaz kongresinde eden çykyşynda belledi.

Panowanyň şeýle hem belleýşi ýaly, TOPH — Türkmenistanyň öz uglewodorod ätiýaçlyklaryny parahatçylygyň we goňşy sebitleriň durnukly ösmeginiň hatyrasyna gönükdirýändiginiň iň aýdyň mysalydyr.

Energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagynda döwletara hyzmatdaşlygynyň we durmuş tarapynyň aýratyn ornuny bellemek bilen, Panowa turba geçirijileriň ýurtlary birleşdirýändigini we üstünden geçýän sebitlere durnuklylyk getirýändigini aýtdy.

— Bu nebitiň, gazyň we elektrik energiýasynyň hasabyna durmuş derejesini ýokarlandyrýan tutuş halklara oňaýly täsirini ýetirýär – diýip BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hasaplaýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014