TOPH — tutuş sebit üçin ägirt uly taslama

TOPH — tutuş sebit üçin ägirt uly taslama. Bu barada Pakistanyň premýer-ministriniň nebit boýunça ýörite kömekçisi Nadim Baber X Halkara gaz kongresiniň çäklerinde TOPH taslamasyna bagyşlanyp geçirilen aýratyn bölümçäniň işine gatnaşmagynyň dowamynda ORIENT agentligine beren interwýusynda belledi.

Baberiň şeýle hem belleýşi ýaly, «ýylyň başynda Türkmenistan we Pakistan bu babatda birnäçe resminamalara gol çekdi. Ýylyň ahyryna biz resminamalar bilen bagly meseleleri doly çözmegi meýilleşdirýäris. Ýene-de biraz wagtdan biz turba geçirijiniň praktiki durmuşa geçirilmegine başlap bileris».

TOPH-nyň gurulmagynyň birinji tapgyryny — turba geçirijini çekmekligi konsorsium 2020-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýär. Ikinji tapgyra — energiýa magistralynyň kuwwatyny artdyrjak onuň ugrundaky kompressor stansiýalarynyň gurluşygyna kompaniýalar giňişleýin düzümde girişmäge bil baglaýarlar.

Rus hem-de arap kompaniýalary TOPH taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.

TOPH temasyna bagyşlanan bölümçäniň dowamynda taslama gatnaşyjy döwletleriň maliýe düzümleriniň wekilleri ony ilerletmegi we maliýeleşdirmegiň usullaryny görkezdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014