Dmitriý Medwedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda mejlisinde russiýa wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedow 31-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär, diýip Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady we ynsanperwer ugry boýunça meseleleriniň giň toplumy giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar onuň netijeleri boýunça  şu resminamalara gol çekerler: Arkalaşyga gatnaşýan döwletleriň fundamental barlaglary ulgamynda döwletara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak hakynda Ylalaşyk; GDA-nyň harytlarynyň gelip çykyş ýurduny kesgitlemegiň düzgünleriniň 2009-njy ýylyň 20-nji noýabryndaky Ylalaşygyna üýtgeşmeler girizmek hakynda Beýannama;

Arkalaşyga agza döwletleriň muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk; Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda daşalýan harytlaryň gümrük resminamalaşdyrylyşynyň we gümrük barlagynyň tertibi hakynda Ylalaşyga üýtgeşmeler girizmek hakynda Beýannama; Erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda Ylalaşyk; GDA döwletleriniň territoriýalaryndan üstaşyr geçirmegiň tertibi hakynda 1999-njy ýylyň 4-nji iýundaky Ylalaşygyna üýtgeşmeler girizmek hakynda Beýannama we beýlekiler.

Meňzeş täzelikler

2014