Türkmen gazy «Demirgazyk akymy – 2» üçin garaşsyz çeşme — bilermen

Türkmenistanyň tebigy gazy «Demirgazyk akymy – 2» gaz geçirijisini garaşsyz çeşmelerden gaz bilen doldurmak üçin iň gowy usuldyr. Bu barada russiýaly bloger Dmitriý Werhoturow Sputnik Gazagystan saýtynda ýerleşdirilen «Russiýa we Türkmenistan gaz gatnaşyklaryny gaýtadan dikeldýär — bu hemmeler üçin bähbitlidir» diýen materialynda belleýär.

Makalanyň awtorynyň bilermen Waleriý Çumakine salgylanyp belleýşi ýaly, ÝB-niň Geňeşi şu ýylyň 15-nji aprelinde Gaz direktiwasyna täze düzedişleri girizdi. Şuňa laýyklykda, gaz geçirijiniň operatory ony 50 göterime çenli garaşsyz çeşmelerden alnan gaz bilen doldurmaly. «Demirgazyk akymynyň» iki şahasynyň umumy geçirijilik ukybynyň 55 mlrd kub metre barabardygyny nazara alsak, onda «Gazproma» garaşsyz çeşmelerden ýene-de 22 mlrd kub metrden gowrak gaz tapmak gerek.

— Azerbaýjanda gazyň artykmaç möçberleri bolmaz — ol her ýylda «Günorta gaz geçelgesi» boýunça 10 mlrd kub metr gaz iberip durmaly. Özbegistandan «Gazprom» ýylda 4 mlrd kub metr gaz satyn alýar. 22 mlrd kub metrden gowrak gazy diňe Türkmenistandan tapyp bolýar. Galyberse-de, «Demirgazyk akymy 2-ä» türkmen gazynyň goşulmagy hökman däl. Bu ýerde gaz swoplaryndan peýdalanmak bolýar. Ýa-da Türkmenistanyň gazyny Russiýanyň günorta we merkezi bölekleriniň zerurlyklary üçin sarp edip, demirgazykda bolsa, şol möçberi «Demirgazyk akymyna» ýükläp bolar» - diýip Çumakin belleýär.

Werhoturowyň pikirine görä, russiýa-türkmen gaz hyzmatdaşlygynyň dikeldilmegi tutuş sebit üçin oňaýly täsirler berer.

Ýatlap geçsek, 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde «Türkmengaz» DK Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygyň çäklerinde «Gazproma» tebigy gaz ibermelerini gaýtadan dikeltdi.

Belläp geçsek, RF-iň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelmegi bilen RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň başlygynyň birinji orunbasary Sergeý Prihodkonyň bellemegine görä, häzirki wagtda «Gazprom» tarapyndan türkmen gazynyň satyn alynmagy 2019-njy ýylyň martynda we aprelinde gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde gol çekilen gysga möhletleýin şertnamalar boýunça amala aşyrylýar.

Prihodkonyň žurnalistlere habar berşi ýaly, «häzirki wagtda «Türkmengaz» DK bilen gazy  almak-satmak boýunça ortamöhletleýin şertnamany ylalaşmak prosesi dowam edýär. Onuň 2019-njy ýylyň üçünji çärýeginde güýje girmegine garaşylýar».

Maý aýynda RF-iň energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiý «Gazprom» bilen Türkmenistanyň türkmen gazyny satyn almak boýunça 5 ýyl möhletli täze şertnamany baglaşmak boýunça gepleşikleri tamamlaýandygyny nygtady. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, taraplar gazy satyn almagyň dürli möçberlerini maslahatlaşýarlar. Bu meselede gutarnykly çözgüt bolsa, onuň nyrhyna bagly bolar.

Meňzeş täzelikler

2014