Gruziýada Birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan «Tegelek stol geçirildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumy geçirmek boýunça başlangyjyny Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitinde öňe sürendigini bellediler.

Çäräniň dowamynda tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanyşyny höweslendirmegiň guralyny işläp taýýarlamak bilen birlikde özarabähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak işinde Hazaryň jebisleşdiriji şertleriniň ulanylmagynyň forumyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Garaşylyşy ýaly, Hazar ykdysady forumy döwletleriň pudaklaýyn göni özara gatnaşyk etmeginiň esasynda ykdysady ösüşiň bilelikdäki sebit we pudaklaýyn gün tertibini düzmek üçin iri meýdança öwrüler. Bu çärä birnäçe döwletleriň Hökümet wekilleri, halkara guramalarynyň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, dünýä bazarynyň we öňdebaryjy HBS-leriň wekilleri gatnaşar.

 

Meňzeş täzelikler

2014