Türkmenistanyň Prezidenti: Oraza baýramy haýyr-sahawatlylygy, jebisligimizi dabaralandyrýar

Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-adatlary, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylyp hem-de kämilleşdirilip gelinýän ajaýyp baýramlaryň biridir, diýlip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oraza baýramy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda bellenilýär.

«Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen we haýyr-sahawatlylygy dabaralandyrýan Oraza baýramyny täze many-mazmun, milli öwüşginler bilen has-da baýlaşdyryp, döwürleri, nesilleri we halklary jebisleşdirýän, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde giňden belleýäris» diýip Gutlagda bellenilýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, «Bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, dürli nygmatlar taýýarlanýar. Ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin alkyş-dilegler edilýär. Bu çäreleriň ählisi ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine eýerip, biziň buýsanjymyz bolan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar, nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeleýär, şöhratly geçmişimize, şu günümize, geljegimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar».

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 4-nji iýun iş güni däl diýlip yglan edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014