«Messe Frankfurt» Türkmenistana daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmäge ýardam eder

«Messe Frankfurt» — halkara sergilerini gurnaýjy iri konsern Aşgabatda resmi wekilligini açdy. Bu kompaniýa ştab-kwartirasynynyň ýerleşýän ýeri bolan Maýn boýundaky Frankfurtda her ýylda 150-den gowrak söwda ýarmarkalaryny gurnaýar, şeýle hem Berlinde we dünýäniň beýleki şäherlerinde sergileri geçirýär, diýip ORIENT agentligi habar berýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Margaret Ýubberiň belleýşi ýaly, meşhur Frankfurt ýarmarkasynyň wekilliginiň Aşgabatda açylmagy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny täze derejä çykarar. Hususan-da, ol Türkmenistanda ýaňy başlan telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri açýar, çünki «Messe Frankfurt» — bu öz önümiňi öňe sürmek üçin oňat ýer we wagt, dürli pudaklarda dünýä meşhur önümler bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik. Çünki türkmen kompaniýalarynyň aglabasy eksporta ýöriteleşendir we halkara sergi meýdançalaryna çykmak — bu zerur bolan ädimdir.

— Senagat toplumynda biziň baý tejribämiz köplere öňde goýan maksatlaryna ýetmäge kömek edýär — diýip «Messe Frankfurtyň» fransuz wekilliginiň prezidenti Maýkl Şerp belledi.

Bu günki gün hatda iň iri kompaniýalar hem halkara sergilerine uly gyzyklanma bildirýärler. Olar sergileri öz telekeçilik işiniň ösmegi üçin möhüm düzüji hasaplaýarlar.

Türkmenistanly telekeçileriň diňe bir «Messe Frankfurt» sergilerine däl, eýsem, maslahatlaryna, kongreslerine, şeýle hem beýleki çärelerine gatnaşmaklary dünýäniň dürli künjeklerinden has köp hyzmatdaşlary çekmäge ýardam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014