Bäş aýyň jemi boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim möçberde saklanýar

Milli ykdysadyýetimiz ösüş depgininiň durnukly saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijelerine garalyp geçilen hökümet mejlisiniň barşynda belläp geçdi.

Kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ozalkysy ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar, diýip Prezident belledi.

Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde eksport edilen möçberi 14 göterim artdy. Şol bir wagtda importyň möçberi bolsa 20 göterim azaldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgini gazanyldy.

Geçen bäş aýda ýurdumyzda senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde ulanmaga berildi. Ykdysadyýetimizde amala aşyran üstünlikli işlerimiziň netijesinde, biz maliýe serişdelerini toplap, welaýatlarymyzda köp sanly şäherçeleri gurmaga başladyk. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygyna girişdik. Häzir Aşgabatda täze şäheri gurmagyň üstünde hem işleýäris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Biz energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatymyzy kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alyp barýarys. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny, şeýle hem beýleki sebitleýin taslamalary durmuşa geçirýäris diýip, Türkmen Lideri belledi.

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,53 milliard manada we çykdajy bölegi 7,49 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim ýokarlandy.

 

Meňzeş täzelikler

2014