Ýanwar-maý aýlarynda nebitgaz toplumynyň kärhanalary meýilnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Geçen penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer M.Meredow 2019-njy ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda ýerine ýetirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hususan-da, bellenilişi ýaly, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,6 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň meýilnamasy 115,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 106,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnama 105,1 göterim ýerine ýetirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän ähmiýetli ornuny nygtap, pudagyň eksport kuwwatyny, ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014