Wenada türkmen-awstriýa ykdysady geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Wenada geçiriljek Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde 14-nji iýunda ykdysady geňeşiň geçirilmegi meýilleşdirilýär, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Geňeşiň işine nebitgaz, energetika we senagat, oba hojalyk, saglygy goraýyş, logistika, bilim we beýleki ugurlarda ulgamlarynda iş alyp barýan iri awstriýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Olaryň hatarynda — «Energo engineering and Research group GmbH», «Sonnek Engineering GesmbH», «KOTANYI GmbH», «Heinz Wohak» we beýlekiler.

Türkmen tarapyna degişli pudaklaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary wekilçilik eder.

Şeýle hem duşuşykda ylmyň soňky gazananlaryny, oba hojalygynda suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar.

Mejlisiň barşynda şeýle hem şu ýylyň awgustynda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyrylyşy bolar.

 

Meňzeş täzelikler

2014