Türkmenistan Owganystan bilen strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda” karary kabul etdi. Şertnama şu ýylyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň duşuşygy netijesinde gol çekildi.

Owganystan bilen uzak aralyga serhetleşýän Türkmenistan goňşy döwletde parahatçylygy dikeltmek boýunça BMG-niň howandarlygynda gepleşikleri geçirmek başlangyçlary bilen birnäçe gezek çykyş etdi. Türkmenistan Owganystana has iri möçberli we salgylaýyn halkara, ilkinji nobatda, bu ýurdy energetika we ulag ulgamlarynda iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmeklige gatnaşdyrmak arkaly ykdysady ýardamyny bermegiň tarapynda çykyş edýär.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny geçirmegiň taslamasy, Türkmenistandan owgan tarapa demir ýolup gurulmagy hususan-da, şu maksatlara gönükdirilendir.

Türkmenistandan tebigy gazy daşarky bazarlara ibermek üçin Hindistana we Pakistana gaz geçirijini çekmek boýunça iri möçberli taslama hem Owganystanyň çäkleri bilen baglydyr.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň dikeldilmegine ýardam eder, çünki täze iş orunlaryny döreder we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň ösmegine itergi berer.

 

Meňzeş täzelikler

2014