Türkmenistanyň Prezidenti ylym ulgamyny maliýe taýdan goramak boýunça kararlar kabul etdi

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi we ylmy barlaglaryň netijeliligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutany alymlary, professorlary, mugallymlary we ýurduň ähli ylmy jemgyýetçiligini 12-nji iýunda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni bilen gutlady.

Döwlet Baştutany häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijelerini, ylmy-barlag edaralarynyň, okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň gerimini giňeltmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Lider ylmy barlaglaryň netijeliligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek barada karara gelendigini belläp, «Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky» we ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdi.

Mejlisde şeýle hem Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky Karara hem gol çekdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014