Bakuda «tegelek stoluň» barşynda Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

Azerbaýjan Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup durýar we bu günki gün iki ýurduň gatnaşyklary ýokary dostluk ýagdaýynda saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp geçirilen «tegelek stolda» belledi, diýip Trend habar berdi.

Ilçiniň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, aýratyn hem ulag we logistika ulgamynda işjeň ösdürilýär. «Biz Azerbaýjan bilen Hazar deňzi bilen bagly birnäçe taslamalary, hususan-da, Ýewropa çykýan Owganystan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgesini döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirýäris. Geçen ýyl eýýäm Owganystandan üstaşyr ýük iberildi. Ol Türkmenistanyň territoriýasynyň üsti bilen Alýat portuna geldi we soňlugy bilen Ýewropa iberildi» diýip ilçi belledi.

Işangulyýewiň bellemegine görä, geçen ýylda Azerbaýjanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 20 sany resminama gol çekildi. Olaryň ýedisi Hazarda hyzmatdaşlyk meselelerine degişlidir.

Beýleki bir taslama — Hazar deňzi – Gara deňiz taslamasy Azerbaýjan we Türkmenistan üçin möhüm ähmiýetli bolup, onuň durmuşa geçirilmegine beýleki hazarýaka döwletleri hem gyzyklanma bildirýär, diýip ilçi belledi.

Ol şeýle hem häzirki wagtda şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçiriljek senesi Hazar deňziniň güni bilen gabatlaşýar.

Forumyň gün tertibi agza döwletleriň özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasyny düzjek meseleleri giň toplumyny öz içine alýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014