Türkmenistan we Singapur ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Singapurda Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ýokary derejeli saparlary guramagyň hem-de bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmekligiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň türkmen-singapur gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, taraplar ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda ýokary derejeli saparlary guramagyň hem-de bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmekligiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Türkmen wekiliýetiniň Singapura saparynyň çäklerinde ýurduň Goranmak we Daşary işler ministrlikleriniň uly Döwlet ministri jenap Maliki Osman hem-de Singapuryň hyzmatdaşlyk kärhanasynyň, Dolandyryş we ösüş institutynyň, Singapuryň Işewürler federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Meňzeş täzelikler

2014