Gyýanlynyň polipropileni «spanbond» materialynyň önümçiligi üçin çig mal bolar

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda «spanleýs» dokma däl materialynyň önümçiligini ýol goýmak meýilleşdirilýär, geljekde bolsa, «spanbond» tehnologiýasy boýunça sintetiki materiallary öndürmek maksat edinilýär. Häzirki wagtda Spunlace tehnologiýasy boýunça materiallary öndürmek boýunça kärhanany gurmak üçin potratçyny saýlamak boýunça bäsleşik geçirilýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

«Spanbond» materialyny öndürmek üçin çig mal hökmünde Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polipropileni peýdalanmak meýilleşdirilýär. Inçejik polipropilen sapaklaryndan ybarat bolan, termo taýdan berkidilen dokma däl bu material birgezeklik geýimleri öndürmekde esasy çig mal bolup durýar. Onuň artykmaçlyklarynyň hataryna bioinertlilik, berklik we elýeterlilik ýaly häsiýetleri hem goşmak bolýar.

«Spanbond» dokma däl materiallary senagatyň köp sanly pudaklarynda giňden peýdalanylýar: agrodokmaçylyk, birgezeklik geýimleriň önümçiliginde, şol sanda lukmançylyk önümçiliginde ulanylýar, gurluşyk membranalary we gidroizolirleýji materiallar üçin esas bolup durýar, ýeňil senagatda furnitura-gaplaýjy material hökmünde, çehollary, sumkalary, lukmançylyk edaralary üçin birgezeklik geýimleri öndürmekde, kosmetologik salonlarda peýdalanylýar.

Şeýle hem ýörite geýimler üçin sintetiki matalaryň önümçiligini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. «Spanbond» dokma däl materiallary şeýle hem kowrolin önümçiliginde hem peýdalanylyp bilner. Olar berkligi hem-de gipallergenligi, pes dykyzlygy bilen tapawutlanýarlar.

Spunlace – ýelimleýji düzümleri ulanmazdan, süýümleri (sapaklary) ýokary basyşly suw akymlary bilen mäkäm birleşdirmek arkaly dokma däl materialy öndürmegiň tehnologiýasy. Netijede, ýokary gidroskopiki ýumşak worssuz material alynýar.

«Spanleýs» usuly arkaly materiallary taýýarlamakda çig mal hökmünde, esasan, wiskozdan, poliefirden, polipropilenden, sellýulozadan, pagtadan alynýan süýümler peýdalanylýar. Türkmen dokmaçylar egirme önümçiliginiň arassalanan we aklandyrylan galyndylaryny peýdalanmagy meýilleşdirýärler.

 

Meňzeş täzelikler

2014