TÜRKMEN POLIMERLERINE ISLEG ARTÝAR

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna uly möçberde polietilen ugradýan döwletleriň birine öwrüldi. Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumynyň önümleri ilkinji gezek geçen ýylyň güýzünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen satuwa çykaryldy hem-de Russiýanyň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

Bilermenleriň pikirine görä, hut şu ýagdaý — Merkezi Aziýada täze polimer öndürijiniň peýda bolmagy Russiýa Federasiýasynda pes basyşly polietileniň importynyň okgunly artmagyny şertlendirdi. 2019-njy ýylyň dört aýynda ol rekord derejä baryp ýetdi, ýagny 108 müň tonna golaýlady. Bu 2018-nji ýylyň degişli döwründäkiden 27 müň tonna köpdür. Bu önümiň daşary ýurtlara ugradylýan möçberi boýunça öňdebaryjy döwletleriň bäşisiniň hataryna Özbegistan, Türkmenistan, Finlýandiýa, Koreýa Respublikasy we Taýland girdi.

Russiýaly telekeçiler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen, esasan, ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn alýarlar. Ol suw we gaz geçirmek üçin turbalary taýýarlamak, şeýle hem durmuşda ulanylýan hojalyk we tehniki maksatly närseleri basyş astynda guýmak üçin niýetlenendir. Olar, hususan-da, durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleri üçin göwrümler, gaplar, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam üçin önümler, awtomobil we durmuşda ulanylýan tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlary we beýleki serişdelerdir.

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda öndürilýän polipropilene hem isleg ýokary bolmagynda galýar. Ýeri gelende ýatlasak, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan polimeriň bu görnüşini Russiýanyň bazaryna ugratmak boýunça Germaniýa, Koreýa Respublikasy, Finlýandiýa, Belgiýa, Gazagystan, Awstriýa, Özbegistan, Italiýa, Niderlandlar, Hytaý ýaly ýurtlardan öňe geçdi. Indi dünýäniň öňdebaryjy polipropilen öndürijileri bilen diňe Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy däl-de, eýsem, Gyýanlydaky polimer zawody hem üstünlikli bäsleşýär.

Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, plastmassa önümleri Türkmenistandan satyn alynýan harytlaryň sanawynda birinji orny eýeleýär. Ýurdumyzdan Russiýa Federasiýasyna iberilen polimerleriň umumy bahasy 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-nyň 18 million dollaryndan hem gowrak boldy. Bu geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda, 78 göterim köpdür. Eger 2017-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilse, polimerleriň Russiýanyň bazaryna ugradylan möçberi 5 esseden hem gowrak artdy.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna ugradylan nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň umumy möçberiniň ABŞ-nyň 465,4 müň dollaryna deň bolandygyny hem bellemek gerek. Bu görkeziji tutuş 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 1,6 esse köpdür.

Meňzeş täzelikler

2014