Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

16-17-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň başlygy Mohammad Humaýun Kaýuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady Owganystanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary we bu babatdaky işleri durmuşa geçirmekden ybarat. Duşuşygyň ahyrynda demir ýol we elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

TOLOnews owgan agentliginiň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde şeýle hem Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşyldy. Iki ýurduň wekilleri şeýle hem Turgundy-Hyrat we Akina-Andhoý demir ýol taslamalaryny giňeltmek hakynda, şeýle hem Hyrat şäherine elektrik energiýasynyň paýlanylyşyny giňeltmek we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamy gurmak hakynda ylalaşyklara gol çekdiler.

Ýatlap geçsek, 2019-njy ýylyň 20-21-nji fewralynda Owganystanyň Prezidenti Mohammed Aşraf Gani Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy. Şunda öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014