Türkmenistan dizel ýangyjynyň daşary bazarlara iberilmegini düýpli artdyryp biler — Turkmen Petroleum

Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň treýding düzümi bolan «Turkmen Petroleum» kompaniýasy 2019-njy ýylda dizel ýangyjynyň ukrain bazaryna iberilmeginiň 40 göterim artyp, 250-260 müň tonna ýetmegine garaşýar. Bu barada Odessada geçirilýän «Black Sea Petroleum Trading 2019» forumynda kompaniýanyň operasion menejeri Çaryguly Ýuwşanow belledi, diýip ORIENT enkorr saýtyna salgylanyp habar berýär.

Forumyň tematikasy nebit önümleriniň deňiz arkaly iberilmegi bilen bagly meseleleri: bazarlaryň ýörelgelerini, portlaryň, ýükleýiş toplumlarynyň we hyzmat kompaniýalarynyň iş ugurlaryny, kanunçylyklary we ş.m. öz içine alýar.

Hazar deňzinde Türkmenbaşynyň deňiz portunyň logistiki mümkinçilikleri dizel ýangyjyny we nebit önümleriniň beýleki görnüşlerini ýylyň dowamynda ýüklemäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda bellenilişi ýaly, ykdysady nukdaýnazardan, Wologodsk gämiçilik kanaly boýunça ibermeleriň ugry Ukraina ibermek üçin has amatlydyr.

Türkmenistan ýangyjyň hiliniň we kükürtiň saklanylmagy boýunça görkezijileriň laýyklygyny Ýewro-5 standartynyň derejesinde kepillendirýär.

2018-nji ýylda Türkmenistandan iberilýän dizel ýangyjy 187 müň tonna deň boldy, diýip neşir belleýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 769,1 müň tonna möçberde dizel ýangyjy öndürildi. Şol bir wagtda, TNGIZT şu ýyl dizel ýangyjynyň 1 million 991 müň tonnadan gowragyny öndürmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň nebit önümleriniň eksportynyň fiziki göwrümi 2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 668,4 müň tonna barabar boldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014