Fitch: 2019-njy ýylda nebitiň bahasy 65 dollara deň bolar

«Fitch» analitik neşiriniň nebitiň we gazyň bahalary boýunça täzelenen çaklamasynda bellenilişine görä, OPEC+ döwletleri üýtgeşmeler girizip, nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakyndaky ylalaşygyň möhletini 2019-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldarlar, diýip Trend TASS agentligine salgylanyp habar berýär.

«Biziň pikirimizçe, OPEC+ ylalaşygy azyndan şu ýylyň ahyryna çenli uzaldylar. Ýöne onuň düzgünlerine üýtgeşmeler giriziler. Netijede, biz bazaryň, umuman alanyňda, deňagramly ýagdaýda galmagyna, nebitiň ortaça ýyllyk bahasynyň bolsa, biziň bar bolan binýatlyk çaklamalarymyza deň bolmagyna garaşýarys» - diýlip neşirde bellenilýär.

«Fitch-iň» çaklamagyna görä, 2019-njy ýylda nebitiň bahasy 65 dollara deň bolar.

OPEC-iň Ýakyn Gündogardaky BAE we Kuweýt ýaly agzalary üçin şu hili nyrh örän amatlydyr, diýip analitikler belleýär. Bu diňe defisitsiz býujetiň barrel üçin 80 dollardan başlanýan Saud Arabystany üçin amatsyz bolup biler.

Umuman, uzak geljekde eger-de OPEC+ syýasaty pes netijeli bolsa, nebitiň ortaça ýyllyk bahasy barreli üçin 57,5 dollara çenli aşaklap biler, diýip agentligiň bilermenleri belleýärler. Muňa garamazdan, şu nyrhlarda hem ABŞ-nyň slanesli kompaniýalarynyň işewürligi düşewüntli bolmagynda galar, diýip olar belleýärler.

OPEC+ döwletleri aprel aýyndan bäri ikinji ýarym ýyl üçin nebitiň çykarylyşynyň syýasatyny maslahatlaşýarlar. Ýöne düşnüksizlikler we geosyýasy faktorlar zerarly nebitiň çykarylyşy boýunça ylalaşyk heniz gazanylmady. Nebitiň çykarylyşyny günde 1,2 mln barrel çäklendirmek hakynda ylalaşyk 2018-nji ýylyň dekabrynda kabul edildi we 30 iýunda tamamlanar.

Meňzeş täzelikler

2014