Gurbanguly Berdimuhamedow «Hazar innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy – 2019» halkara sergileriniň meýdançalaryny synlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek  «Hazar innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy – 2019» halkara sergileriniň pawilýonlary bilen tanyşdy.

Bellenilişi ýaly, Hazaryň innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümi 880 inedördül metr meýdanda ýerleşer, daşary ýurt kompaniýalary üçin jemi 1332 inedördül metr bölünip berildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ylym we tehnologiýalar ulgamynda soňky işläp taýýarlamalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilen hem-de geljege niýetlenen, şol sanda ýokary tehnologiýaly önümleri çykarýan häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça meýilleşdirilen innowasion taslamalar görkeziljek bu sergi bezelende, innowasion çözgütler ulanylmalydyr.

Şunuň bilen bir hatarda, türkmen sergi bölümi ajaýyp bezelişi, milli öwüşgini bilen tapawutlanmalydyr, başgaça aýdylanda, halkymyzyň häzirki zaman gazananlarynyň we özboluşly däpleriniň, onuň medeni mirasynyň, yzygiderli ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga tarap ýörelgäniň jemlenen keşbine öwrülmelidir.

Milli Lider Hazar sebitiniň ýurtlarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny ösdürmegi babatda geçiriljek forumyň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtap, forumda işewür toparlaryň wekilleriniň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmekleri, tejribe alyşmaklary, täze taslamalary we başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmaklary üçin oňaýly meýdança döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow öňki döwürde çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini görkezmäge niýetlenen «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisiniň geçiriljek ýerine hem bardy.

Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty, ulag düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan durnukly ulag ulgamy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek baradaky başlangyjyny öňe ilerletmäge gönüden-göni ýardam berýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014