Türkmenistan we Rumyniýa birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Danuts Nekulaeskunyň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetiki, ulag we beýleki ugurlarda özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Şeýle hem, gepleşikleriň barşynda taraplar halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu manyda, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk, ÝB-Merkezi Aziýa formatynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek we 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk etmeklik baradaky meselelere garalyp geçildi.
Özara bähbitli dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolan meýilleri dogrusynda aýdylanda,  taraplar türkmen-rumyn syýasy dialogyň ýokary derejeliligini aýratyn nygtadylar. Şeýlelik bilen, soňky wagtyň dowamynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary derejesindäki saparlar barada bellenilip geçildi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag ugry taslamasyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Meňzeş täzelikler

2014