Gazdan sintetik benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod işe girizildi


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutany ýapon wekiliýetiniň ýolbaşçylary bilen toý bagyny kesdi we zawodyň dolandyryş merkezine bardy. Ekranda zawodyň aýratynlygyny, gazy düýpli gaýtadan işlemegiň we taýýar önümi çykarmagyň önümçilik işleriniň hemme tapgyrlaryny aýdyň görkezýän wideofilm görkezilýär.
Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazyň suwuk uglewodoroda öwrülmegi amala aşyrylýar. Hemme işler awtomatlaşdyrylandyr we merkezden dolandyrylýar.
Täze kärhanada her ýyl 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna EСО-93 kysymly benzin, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna hem suwuklandyrylan gaz öndüriler.
Seljermäniň netijeleri alnan benziniň EСО-93 kysymly benzine Döwlet standartynyň bildirýän talaplaryna, himiki düzümi boýunça bolsa, ekologiýa howpsuzlygynyň 5-nji derejesine laýyk gelýändigini görkezdi.
Alnan EСО-93 kysymly benzin bilen nebitden alnan benziniň hil taýdan häsiýetnamalary deňeşdirilip, olara baha berlende, EСО-93 benzini ulanylanda onuň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygy anyklandy. Bu ýagdaý bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Bu taslamanyň umumy bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabar. Taslamany maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşdy. Bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, 800-e golaý goşmaça iş orunlary döredildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça onuň gurluşyk işlerini «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy hem-de «Rönesans» türk kompaniýasy amala aşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu täze zawodynyň köp görkezijiler boýunça ýeke-täk kärhanadygyny ýene-de bir gezek belläp, dünýäde ilkinji gezek bu kärhanada tebigy gazyň senagat möçberinde suwuk ýangyja öwrülýändigini nygtady. Bu ägirt uly çözgüt, GTG — gas to gasoline taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň işläp taýýarlan TIGAS tehnologiýasy boýunça amala aşyrylýar. Şeýlelikde, GTG tehnologiýasy täjirçilik derejesinde dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasyna laýyklykda, biz ýakyn wagtda Balkan, Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynda ýene-de ençeme gazhimiýa toplumlaryny hem-de zawodlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu senagat desgalary bilen birlikde, durmuş maksatly binalary hem gurarys. Munuň özi mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam berer diýip, Türkmen Lideri nygtady.
Garaşsyz Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli alyp barar. Şol kompaniýalaryň ýurdumyzda işlemegine geljekde hem ýardam berip, olar bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary eder diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Şeýlelikde, zawodda çykarylýan sintetiki ýangyç örän kämil ekologik häsiýetleri bilen tapawutlanar — onda daşky gurşaw üçin zyýanly bolan kükürt birleşmeleri hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaz. Zawodyň esasy önümi bolan EСО-93 benzini üç sany 18000 kub metr çelekde saklanylar. Olarda benziniň hilini bir derejede saklamak üçin ýörite sorujy enjamlar hemişe işläp durýar. Ugurdaş önümi bolan suwuklandyrylan gaz göwrümi 2000 kub metr bolan şar şekilindäki çelekde we kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy 360 kub metr göwrümindäki çelekde saklanylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014