Türkmen gazbenzininiň ilkinji tapgyry Owganystana iberildi, eýýäm Ýewropadan sargytlar bar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda işe girizilen gaz benzinini öndürýän täze zawodyň önüminiň ilkinji tapgyryny ýurdumyzyň sarp edijilerine hem-de eksporta ugradylmagyna badalga berdi.
EСО-93 kysymly benzin paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýangyç guýujy beketlerine ýetiriler. Şeýle hem demir ýol arkaly ekologiýa taýdan arassa ýangyç Owganystan Yslam Respublikasyna ugradylyp başlanyldy. Mundan başga-da, ýörite awtoulaglarda goňşy ýurda suwuklandyrylan gazyň uly möçberi iberildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilkinji 60 müň tonna benzin ynsanperwer kömek hökmünde goňşy Owganystanyň doganlyk halkyna iberiler. Şol bir wagtda Ýewropanyň birnäçe döwletleri bu önümi almaga gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Bolgariýa, Gresiýa, Rumyniýa we beýleki döwletler eýýäm sargytlaryny berdiler.
Zawoddan ugrap, Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň 4-nji ýangyç guýýan bekedine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanynyň awtoulagy EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetik benzini guýuldy.
Tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge aýratyn üns berilmegi energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna uly möçberde iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksportyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ösdürmegiň hasabyna şol bazarda ýurdumyzyň önümlerine bolan gyzyklanmanyň artmagyny hem şertlendirýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014