Dünýäde ilkinji GTG zawody — Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň nyşany — Matsuşita Şinpeý

Habar berlişi ýaly, geçen hepdede Ahal welaýatynda senagat möçberlerinde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürjek dünýäde ilkinji zawody işe girizmek dabarasy bolup geçdi. Bu iri möçberli taslama «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Ýaponiýadan hyzmatdaşlaryň işjeň gatnamagynda durmuşa geçirildi.
— Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygynyň nyşany bolup durýan täze zawod türkmen ykdysadyýetiniň ösmegine düýpli goşant goşar – diýip Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeý açylyş dabarasy mynasybetli geçirilýän çärede belledi. — Tebigy gaz ätiýaçlyklaryna baý Türkmenistanda ýapon kompaniýalary bilen bilelikde tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça zawodlary gurmakda köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Tebigy gazdan benzin öndürýän GTG zawody bu taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň aýdyň mysaly bolup durýar – diýip Şinpeý nygtady.
Ol şeýle hem öňdebaryjy ýapon tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň senagat toplumyny yzygiderli ösdürmäge ýardam berýändigine buýsanýandygyny nygtady. 

 

Meňzeş täzelikler

2014