Kärdeşler arkalaşyklary EKO-93 benzinini öndürýän zawodyň işe girizilmeginiň möhüm ekologik ähmiýetini bellediler

Düýn Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkeziniň maslahatlar zalynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygar astynda maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Bu çäre Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň — häzirki zaman senagat toplumynyň açylyş dabarasyna bagyşlandy.

Duşuşygyň başynda Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy täze zawodyň işe girizilmegi mynasybetli gutlag sözüni aýtdy. Bu möhüm maýa goýum taslamasy — bu ýerde dünýäde ilkinji gezek senagat möçberinde ekologiýa taýdan arassa sintetik benziniň önümçiligi ýola goýlar.

Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Nebit-gaz»gazetiniň redaksiýasynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň nebitgaz we gazhimiýa pudaklarynyň senagat mümkinçiliklerini mundan beýläk hem ösdürmekde täze zawodyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, tebigatyň hem-de adam saglygynyň goraglylygy innowasion senagat önümçilikleriniň işini döretmekde we gurnamakda Türkmenistanyň Prezidentiniň gönüden-göni talaby bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, täze kärhanada ekologiýa howpsuzlygy meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Kärhanada tebigy gazdan öndürilýän EKO-93 awtobenzini Ýewro-5 standartyna laýyk gelýär. Bu kysymly benzin ulanylanda onuň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygy anyklandy. Bu ýagdaý bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014