Türkmenistan we Polşa ýokary derejede duşuşyklary geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

4-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen türkmen-polýak syýasy geňeşmeleriniň barşynda türkmen-polýak gatnaşyklarynyň ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazanylan ylalaşyklary gözden geçirmek bilen, taraplar bilelikdäki şertnama-hukuk binýadynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleriň toplumyna seredildi. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar we degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Polşanyň Ýewropada amatly geografik ýagdaýa eýedigini nazara alsaň, bu Hazar sebitinden Ýewropa energiýa serişdelerini ibermek üçin üstaşyr ugurlary ösdürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda resmi Aşgabat bilen ÝB-niň, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň  gepleşikleri dowam edýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014