Türkmenistan Hazar innowasion tehnologiýalar sergisine taýýarlyk görýär

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Awazada Hazar innowasion tehnologiýalar sergisini geçirmek meýilleşdirilýär, diýip «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurnaýar. Bu çäre şu ýylyň 12-nji awgustynda geçirilmegi meýilleşdirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýär.

Serginiň çäklerinde Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Eýranyň milli diwarlyklaryny görkezmek, «Demirgazyk-Gündogar» we «Günbatar-Gündogar» halkara ulag geçelgeleri boýunça ýükleriň gatnawyny ösdürmek meseleleri boýunça «tegelek stollary» geçirmek meýilleşdirilýär.

Sergä şeýle hem Türkiýäniň, Belarusuň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Özbegistanyň, Niderlandlaryň, BAE-niň, Hytaýyň, Finlýandiýanyň we beýleki döwletleriň kompaniýalary gatnaşar. Serginiň guramaçylary oňa gatnaşyjylaryň wiza, ýükleriň ýeňillikli gümrük resmileşdirilmegi, myhmanhanalary bellemek we Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça awiapetekleri bellemek boýunça işlere goldaw berýärler.

 

Meňzeş täzelikler

2014