Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim ösdi

Milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeler gazanyldy. Bu bolsa, jemi içerki önümiň ösüşini 6,2 göterime ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen hökümet mejlisinde belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem içerki syýasatymyz barada aýdyp, ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatynyň saklanýandygyny, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylýandygyny belledi.

Şeýlelikde, ortaça aýlyk zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga şert döredi, diýip döwlet Baştutany belledi.

Türkmen Lideri häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 30 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän jemi iki müňe golaý senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygynyň giň gerim bilen dowam edýändigini belledi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» ýokary depginler bilen amala aşyrylýar. Maksatnama laýyklykda, hasabat döwründe bir milliard manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Mejlisiň barşynda maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow 2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça halk hojalyk toplumlarynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini aýtdy. Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,9 göterim ýerine ýetirildi.

Bellenilişi ýaly, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 16 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 26,6 göterimine barabar bolup, 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 41,5 göterim ýerine ýetirildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014