Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň öňünde ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi

5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany guýularda buraw we düýpli abatlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ýöriteleşdirilen tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek arkaly, nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Suwuklandyrylan gazyň we esasy nebit önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak, nebitiň hem-de gazyň täze ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak babatda degişli tabşyryklar berildi.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy hem netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek wajypdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Prezident täze ulanmaga berlen, tebigy gazdan benzin öndürýän gazhimiýa zawodynda çykaryljak, ekologiýa taýdan arassa benzini dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça marketing strategiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilik desgalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmak, bu ugurda önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmen Lideri energiýa üpjünçilik meselesine degip geçip, kärhanalaryň we öý hojalyklarynyň sarp edýän tebigy gazyny hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça işi hem tertibe salmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewe berk käýinç yglan edildi.

Meňzeş täzelikler

2014