Türkmenistanyň we Pakistanyň bilermenleri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň şertlerini awgust aýynda işläp tamamlarlar

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň we Pakistanyň bilermenleriniň duşuşygy meýilleşdirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň mehanizmlerine garalyp geçiler we şertleri işlenip tamamlanar. Bu barada Radio Pakistan habar berýär.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, gurluşyga badalga bermek dabarasyny 2019-njy ýylyň oktýabrynda Belujistan welaýatynyň Çaman şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Radio Pakistan bilen söhbetdeşlikde bu ýurduň nebitgaz edarasynyň ýokary wezipeli işgäri Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça işleri iş ýüzünde durmuşa geçirip başlamaga we ony bellenilen möhletlerde tamamlamaga doly ygrarlydygyny belledi.

Taslama Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistanyň serhedine çenli geçirijilik kuwwaty ýylda 33 mlrd kub metr gaza barabar bolan turba geçirijiniň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014