ÝHHG-de Ýewropanyň energetika howpsuzlygy hakyndaky rezolýusiýanyň taslamasy makullanyldy

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň (ÝHHG PA) syýasy meseleler we howpsuzlyk boýunça geňeşi sebitiň energetika howpsuzlygy hakyndaky rezolýusiýanyň taslamasyny goldady. 7-nji iýulda resminamanyň taslamasyny goldap, geňeşiň 39 agzasy ses berdi.

Taslama Ýewropany energiýa bilen üpjün etmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Energiýa ibermeleriniň bir ugry Azerbaýjandan çekiljek «Günorta gaz geçelgesi» gaz geçirijisi bolup biler. Ol Hazarüsti gaz geçirijisiniň kömegi bilen Türkmenistan bilen birigip biler.

Meňzeş täzelikler

2014