Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly gepleşikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, özbek halkynyň bähbidine giň gerimli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, özbek Lideriniň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan netijeli işleri hem-de uly syýasy tejribesi we ussatlygy diňe Respublikada däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem çäksiz hormat we belent abraý getirdi. Türkmenistan doganlyk Özbegistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär hem-de ýakyn goňşusy we ygtybarly hyzmatdaş bilen döwletara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça aýratyn ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew geçirmek başlangyjy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeliliginiň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek babatda bähbitleriň umumylygy hem-de mäkäm syýasy erkiň bolmagy bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýurtlarymyzyň arasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki doganlyk döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hyzmat edýän täze iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Medeni-ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklar telefon gepleşiginde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Munuň özi goňşy halklaryň taryhy taýdan kemala gelen köpasyrlyk ruhy-medeni ýakynlygy bilen şertlendirilendir.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary bilelikdäki tagallalar netijesinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem iki döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014