Türkmenistanyň wekiliýeti demir ýol şahasynyň açylyşyna we Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, Owganystanyň çägindäki demir ýoluň gurluşygy türkmen tarapynyň öz serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar we şunda türkmen işgärleri we maddy serişdeler — işçiler, inženerler, tehnikalar, şol sanda ulaglar we kranlar, gurluşyk serişdeleri we beýlekiler netijeli ulanylýar.

Geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistan bilen araçäge çenli uzaltmak, soňra Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygy netijesinde, goňşy ýurduň «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlar boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek üçin ajaýyp mümkinçiligi peýda bolýar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň güýzünde ulanmaga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly Aziýanyň halkara ulag geçelgesiniň birinji halkasy bolup durýar. Şu ýol açylmazdan ozal, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda daşalýan ýükleriň ählisi Serhetabat — Turgundy we Kelif — Termez — Mazari — Şarif demir ýol geçelgeleri arkaly gelip gowuşýardy. Bu demir ýoluň zerurlygy äşgärdir hem-de onuň ähmiýeti täze logistik ýollaryň birikdirilmegi bilen has-da artar.

Lebap welaýatynyň Ymamnazar menzilinden goňşy ýurda tarap Akina — Andhoý demir ýol şahasyny gurmak üçin zerur bolan döwrebap tehnikalar we gurluşyk serişdeleri ýüklenen wagonlar ugrady.

24-nji iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alnyp, Owganystan Yslam Respublikasyna kömek bermek maksady bilen, Aşgabatdan goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwer ýüküň uly tapgyry ýüklenen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy.

Türkmenistan Owganystanyň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy, suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmekde, ykdysady we durmuş desgalaryny gurup bermekde birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. Netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde iri möçberli we uzakmöhletleýin energetika taslamalary bolan TOPH gaz geçirijisine möhüm ähmiýet berilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014