Türkmenistanda awtomobillere ýangyç guýujy beketleriň tory giňeldilýär

Türkmenistanda iň ýokary ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan awtomobillere ýangyç guýujy beketleriň tory giňeldilýär. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň düzüm birlikleriniň hünärmenleri bu ugurda birnäçe işleri alyp barýarlar.

Şu ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň çäginde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda awtoulaglara gije-gündizleýin hyzmat etmäge ukyply iň täze kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň ulgamy guruldy. Beketlerde şeýle hem awtomobillere tehniki hyzmat, wulkanizasiýa we awtoýuwalga nokatlary hereket edýär.

Türkmenistan içerki bazary dolulygyna ýerli önümçilikdäki ýangyç-çalgy materiallary bilen üpjün edýär. Ýokary hillidigi üçin nebiti gaýtadan işlemekligiň önümleri eksporta iberilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014