Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyny sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dynç alyş günlerinde hem döredijilik işleri bilen meşgullanmagy dowam edýär. Döwlet Baştutany çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Gurbanguly Berdimuhamedow kitabyň soňky setirlerini ýazyp, onuň senesini we goluny goýdy. Ol ýakyn wagtda çap edilip, öz okyjylaryny alabaýyň tohumy, onuň döreýşi, güjüklerine tälim bermegiň usullary, köpeltmegiň esaslary bilen tanyşdyrar. Neşir okyjylaryň giň gatlagy üçin bolşy ýaly, türkmen itleriniň taryhyny, alabaý güjüklerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzykly bolar.

Hakyky alabaý beden gurluşynyň sazlaşygy we deňeçerligi bilen haýran edýär. Türkmen itleri berk nerw ulgamyna eýe bolup, asuda we parahat häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Olar üşükli, gaýduwsyz, garaşsyz, öz güýjüne bolan ynamly itler bolup, öz çäklerini mertlerçe goraýarlar hem-de howpuň abanan ýagdaýynda okgunly hereket etmäge ukyplydyr.

Bular barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda gyzykly wakalaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda gürrüň berilýär. Elbetde, milli Liderimiziň täze eseri alabaý itlerini, umuman, türkmen halkynyň mirasyny geljekde hem dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýe bolar.

Döwlet Baştutany zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, säher bilen welosipedde gezelenç etdi.

Bilşimiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli atly ýa-da welosipedli gezelenç edip, sport toplumlaryny gözden geçirýär, olarda türgenleşik geçýär, şeýle hem awtomobil sporty bilen meşgullanyp, onda ýokary ussatlyk derejesini gazanýar. Döwlet Baştutanynyň adam saglygyny goraýan iň gowy serişde hökmünde sporta bolan garaýşy durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, onuň maksady — türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesli ýetişdirmek bolup durýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sürdi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew toplumyň ähli desgalaryny degişli derejede saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany şäherçäniň desgalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamak, olaryň binýadynda ýaryşlary geçirmek hem-de türkmen türgenleriniň türgenleşiklerini guramak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň dürli halkara ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin işi ýola goýlan sport düzüminiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutany bouling oýnalýan zala gelip, bu ýerde birnäçe takyk urgulary geçirdi, soňra ýüzülýän howzy gözden geçirdi, Olimpiýa şäherçesiniň sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zalynda bolsa sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar, atly gezelenç etmegi halaýar. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän zähmet rugsadynyň bir gününde atçylyk toplumynda öz eý görýän bedewi Şapolat bilen didarlaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Şapolat bedewinde atçylyk toplumyň çäkleri boýunça gezim etdi. Ahalteke bedewleri ýaly ynsan bilen dil tapyşýan jandar ýokdur. Olar buýsançly häsiýeti bilen, şol bir wagtda hem özlerine tüýs ýürekden we söýgi bilen garalanda, eýesiniň buýruklaryny berjaý edýärler hem-de terbiýeleme ýeňil düşýär. Şol sebäpli hem ahalteke bedewleri atçylyk sportunda meşhurlyk gazanýarlar, olar kinofilmlerde surata düşürilýär we sirkde çykyş edýärler.

Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlaryň käbirini synagdan geçirdi, nyşana ok atdy.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow ýetginjeklik ýyllarynda-da nyşana ok atmak boýunça ýurdumyzyň çempiony bolmagy başarypdy. Milli Liderimiziň sporta ygrarlylygy, döwlet Baştutanymyzyň onuň dürli görnüşlerinde üstünlikleri gazanmagy ähli watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusga alarlyk görelde bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutany zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda maşgala agzalarynyň arasynda boldy. Şol günleriň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ses ýazýan studiýada aýdym-saz bilen meşgullanyp, agtygy Kerimiň döreden täze sazyny dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirip, onuň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça işledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu eserde dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanyşykly usullary ulanyp, saz eserini timarlady.

Ýeri gelende aýtsak, mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerim sazçylyk mekdebini tamamlap, saz sungaty boýunça diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda-da meşhurlyk gazanan Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowadan tälim aldy. Ussat sazanda, köpleriň halypasy Kerime saz sungatynyň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwretdi.

Kerimiň ýetginjek ýyllaryndan başlap, saz sungaty bilen meşgullanyp, atasynyň göreldesine eýerip, saz sungatynda birnäçe eserleri döredendigi hemmelere mälimdir. Halypa sazandanyň tälimini birkemsiz ele alan Kerim bu gün bolsa «Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze eserini döredip, ony, ilki bilen, atasyna diňletdi. Agtygynyň täze döreden saz eseriniň ilkinji diňleýjisi bolan Prezident Kerimiň sungat ýoluna guwandy.

Döwlet Baştutany täze saz eserine mähriban halkymyzyň gazanýan üstünliklerini, bedew batly ösüşlerimizi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy wasp edýän goşgy setirlerini salyp, hiňlenip gördi. Türkmen Lideri bu eser barada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, kompozitorlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň pikirleriniň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu baradaky isleg-arzuwlaryny aýtsalar, Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.

Şeýle hem dynç alyş günleriniň birinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýarygije kuwwatly sport awtoulagynda Garagum sährasynyň ýollarynda dowamly menzil aşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasy boýunça kuwwatly sport awtoulagynda çylşyrymly ýollary geçip, Gün batyp, sähranyň garaňkylyga beslenýän pursatlarynda sähranyň özboluşly künjegi bolan «Garagum ýalkymy» diýen ýere geldi. Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly täsinligiň daşyndan öwrüm edip, onuň keşbini we aýratynlyklaryny synlady.

Bu ýer diňe dünýäniň köp sanly syýahatçylarynyň däl-de, eýsem, bu ugurda iş alyp barýan köp sanly alymlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Garagum ýalkymy» atly täsin künjek ylmy taýdan öwrenilmeli we manysy açylyp geljek nesillere ýetirilmeli täsinlikdir. Çünki bu özboluşly künjek Garagumuň jümmüşinde ýerleşip, ol türkmen güneşini, halkymyzyň kalbynyň ýylysyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşigine zerur bolan anyk taslamalaryň, şol sanda täze halkara ulag ýollarynyň — awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny döretmegiň başyny başlaýar. Dünýä taryhy döwletleriň özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen ýörände, diňe olaryň halklarynyň bähbit gazanýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly çemeleşme Türkmenistanyň Prezidentiniň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hem-de adamzadyň geljegi üçin belent jogapkärçilige esaslanýan syýasatynda öz beýanyny tapýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014