Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etmäge ynam bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitiň ägirt uly tebigy-serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Şol kuwwatyň strategik orny bolsa köp babatda nebitiň we gazyň ägirt uly gorlary bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň barşynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow kompaniýa tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada habar berip, energetika ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman özara bähbitleri nazara almak esasynda guralýan hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen däp bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014